2022-nji ýylyň 3-nji aprelinde günüň birinji ýarymynda Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň hem-de professor-mugallymlarynyň öňünde çykyş edip, bu ýokary okuw mekdebinde döredilen Hindi burçunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Ýokary okuw mekdebinde Hindi burçunyň açylmagynyň maksady dürli görnüşli çäreleri guramak arkaly talyplaryň Hindistan baradaky gyzyklanmalaryny has-da artdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny belläp, jenap Ram Nath Kowind Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki orny, Hindistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk, sebitde ulag geçelgelerini ösdürmek, Owganystanda parahatçylygy berkarar etmekde iki ýurduň tagallalary hem-de dünýä syýasatynyň häzirki möhüm meseleleri barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda hindi Lideri öz çykyşynda medeni gatnaşyklaryň halklary birek-birek bilen ýakyndan tanyşdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.