Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew 87 ýaşynda aradan çykdy, ol şu gün soňky ýoluna ugradyldy. Onuň aradan çykmagy türkmen edebiýaty üçin uly ýitgidir.
Ussat şahyr, terjimeçi hem-de edebi-publisisit Baýram Jütdiýew 1937-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda daýhan maşgalasynda eneden doguldy.Obadaky 11-nji orta mekdebi tamamlap, 1957-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine taryh mugallymy hünäri boýunça okuwa girip, ony 1962-nji ýylda tamamlaýar.
Okuwy tamamlap, şol wagtky Ýaş kommunist gazetiniň redaksiýasynda edebi işgär, 1964 ― 1969-njy ýyllarda Sowet Türkmenistany gazetiniň bölüm müdiri, 1971 ― 1973-nji ýyllarda Edebiýat we sungat gazetiniň baş redaktory, 1973 ― 1986-njy ýyllarda Tokmak žurnalynyň baş redaktory, soňra 1986 ― 1991-nji ýyllarda Sowet edebiýaty žurnalynyň baş redaktory wezipelerinde zähmet çekýär. 1991-nji ýylda şol wagtky Türkmenistan komunisti žurnalynyň edebi işgäri, 1992 ― 2003-nji ýyllarda Diýar žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary, soňra 2007 ― 2008-nji ýyllarda Zenan kalby žurnalynyň edebi işgäri bolup işleýär. 2008-nji ýylda bolsa Türkmenistan gazetine işe bardy.
B.Jütdiýewe 1992-nji ýylda Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen at berilýär. Şeýle-de ol Gaýrat, Watana bolan söýgüsi üçin medallary, Galkynyş, Bitaraplyk, Garaşsyz Türkmenstana bolan beýik söýgüsi üçin ordenleri bilen sylaglanylýar.
Baýram Jütdiýew Akaba, Yhlas, Abraý, Bagyşlanýar, Ala meýdanlar, Owazlar mekany, Göwün binasy, Orak möwsümi, Ýalkanmaly zamana, Dogaýy diwan, Mübärek agşam ýaly 20-ä golaý kitabyň awtorydyr. Şolaryň bäşisi onuň türkmen diline terjime eden eserleridir.