Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew Hytaý we Merkezi Aziýa atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew Hytaý we Merkezi Aziýa atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisine gatnaşdy

Şu ýylyň 17-25-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Szýuan welaýatynyň merkezinde Hytaý we Merkezi Aziýa atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisi guraldy.

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň belli nakgaşlary bilen bir hatarda bu medeni çärä biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew gatnaşdy. Halypa nakgaş özüniň Rodoguna, Tumar şa, Gumly gelin, Kejebe, Üç elti ýaly eserleri bilen bu ýere gelenleri tanyşdyrdy.

Serginiň dowamynda oňa gatnaşan dostlukly ýurtlaryň nakgaşlary ussatlyk sapaklaryny geçdiler, birek-birekden tejribe alyşdylar we täze eser döretdiler. I.Işangulyýew ahalteke bedewimize bagyşlap çeken Şasöýen atly eserini sergini gurnaýjylara sowgat berdi. Sergä gatnaşanlara gurnaýjylar tarapyndan diplom gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly suratkeş Hytaýda geçirilen sergä gatnaşdy
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi