TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ WAJYP ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ WAJYP ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynda öňde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda hem-de halk bilen döwletiň arasyndaky sazlaşygyň esasynda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wajyp ähmiýeti barada wagyz-nesihat söhbetdeşligi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşler, öňe gidijilikleri gazanýar.

Halk Maslahaty berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, millilik ýaly many-mazmunlar bilen baýlaşdyrylýar.Halkyň agzybirligini jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplanýar.Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Ýurdumyzda döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny. Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
KALPLARA RUHY SIŇEN PYRAGY
HALK MASLAHATY-JEBISLIGIÑ WE AGZYBIRLIGIŇ NYŞANY
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK
HAZAR DEŇZI DOSTLUK WE HYZMATDAŞLYK DEŇZI
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY