Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

Düýn 31 oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiz mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenendigini belledi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmak we ýaş raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine girizilen meselelere seredilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini tamamlady we oňa gatnaşanlaryň ählisine işde üstünlikleri, öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşmagy arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahaty döwletli tutumlara badalga
HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GARŞYLAMAK UGRUNDA
Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium Geňeşiniň Başlygy Türkiýede Saparda Bolýar
Halk Maslahaty döwletlilikden nyşan
Halk Maslahaty milli däpleriň gözbaşy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Aşgabat halkara howa menzili Halk...