Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň düzümine kimler girýär?

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň düzümine kimler girýär?

Bu barada düýn — 20-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.

— Biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän, hemişelik hereket edýän kollegial edarany döredýäris.Täze edaranyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň adalat ministri we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary girýär.

Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guramak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan başga çözgüt kabul edilmese, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesini, wagtyny we ýerini kesgitlemek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen bagly hem-de öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözmek işini alyp barar. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibindäki aýry-aýry kanunlaryň taslamalary boýunça garaýyşlaryny beýan etmek we makullamak, zerur bolan halatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna iş toparlaryny döretmek hakynda teklipleri girizmek, iş toparlarynyň işiniň meseleleri boýunça habarlary diňlemek, Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan öz ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly işler bilen meşgullanar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Konstitusion kanunda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryň çäklerinde Prezidiumyň mejlislerini yzygiderli geçireris we onuň işini talabalaýyk alyp gideris — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahaty döwletli tutumlara badalga
Halk Maslahaty milli däpleriň gözbaşy
Türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasy
HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GARŞYLAMAK UGRUNDA
Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium Geňeşiniň Başlygy Türkiýede Saparda Bolýar
Halk Maslahaty döwletlilikden nyşan