Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeli ösdürilendigini, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işleriň alnyp barlandygyny belledi.

Geçen ýarym ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy

Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de energetika we suw howpsuzlygy, ekologik meseleler babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunda ulag, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, geçen ýarym ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Ýurdumyzda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi.

Arkadag şäheri halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp boldy

Hormatly Prezidentimiz geçen ýarym ýylda akylly şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän Arkadag şäheriniň açylandygyny, şeýlelikde, täze şäheriň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy ilat üçin oňaýly, howpsuz durmuşy üpjün eder.

Ýerli gurluşykçylar tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda şular ýaly şäheriň döredilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň aýdyň nyşanydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz döwletimizi ösdürmek boýunça uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we merdana halkymyzy täze Arkadag şäheriniň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini belläp, Arkadagly Serdarymyz senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň meýilnama esasynda alnyp barylýandygyny nygtady. Şu ýyl gallanyň bol hasyly ýygnaldy. Bu bolsa azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatynyň kesgitlenen meýilnamalara laýyklykda dowam edýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň, şeýle hem beýleki sebit taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegiň, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Häzirki wagtda ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.Milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmak dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek boýunça guramaçylyk topary dörediler

Şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli çäreleriň meýilleşdirilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlarynyň, hemişe bolşy ýaly, örän ýokary derejede geçirilmelidigine, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamaly. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz guramaçylyk toparyna Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyryp, bu işleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine zähmet rugsady

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň erbet bolmandygyny aýtmak bilen, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günleri maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan we welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy.

Hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi Awazada, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da beýleki şypahanalarda dynç alyp biler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
8-10-njy noýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar
Türkmenistanda Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy