Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we guralýan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny giňden bellenilýän şanly sene bilen gutlap, türkmen halkynyň Milli Liderine Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä mähirli salamyny aýdyp, täze Arkadag şäheriniň milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilendigini, şunda “akylly” şäher konsepsiýasynyň, “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamynyň işjeň ornaşdyrylandygyny belledi.

Myhman Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň bezeg ulgamyndaky döwrebap ýörelgeler bilen utgaşýandygyny nygtap, täze şäheriň ähli görkezijiler babatda ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigini belledi.Munuň özi taslamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär. Şeýle hem ol şäheriň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde atly sport boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan ilkinji halkara akademiýa hökmünde Aziýa atly sport federasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Gahryman Arkadag Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Hormat şahadatnamasyny gowşurandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, bu çözgüdi ýurtda bilim ulgamyny ösdürmekde we atçylyk sporty boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda amala aşyrylýan işlere berilýän ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, bedewleri ýetişdirmek we atçylyk sporty boýunça özara tejribe alyşmak babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ýurdumyzyň gözelligi we ýyndamlygy bilen ady äleme dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kasym-Žomart Tokaýew Katara sapar bilen barar
Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Katara bardy
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi