Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

4-nji iýulda Astanada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Belent mertebeli myhmany “Akorda” köşgünde goňşy döwletiň Baştutany mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de Astana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň we ŞHG-niň sammitine gatnaşmagynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýandygyny belledi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýedir we okgunly ösüşi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şu günki duşuşygyň uly ähmiýetini belledi.Bu duşuşyk geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döredýär.

Dostlukly ýurduň Lideri döwletara dialogyň ýokary derejesini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny asyrlaryň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk däpleriniň düzýändigini nygtap, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystana gelmäge we hormatly myhman hökmünde ŞHG-niň sammitine gatnaşmaga çakylygy, şeýle hem mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşyk dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge goşmaça itergi berer.

Gahryman Arkadagymyz şu günki günüň möhüm waka — Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyna beslenendigini nygtap, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe bu dabaranyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şu gezekki sammitiň we onda kabul ediljek çözgütleriň, Gazagystan Respublikasynyň ŞHG-de başlyklyk etmeginiň netijeleriniň bu guramanyň çäklerinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky dialogyň däp bolan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini nygtap, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Ulag-kommunikasiýa, logistika ulgamy türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar.Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ulgamda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär.Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy bu babatda giň gerimli hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biri bolup durýar.

Bu ugurda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde ykdysady taýdan goşulyşmaga ýardam eder.

Energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Transmilli gaz geçiriji munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Şol gaz geçiriji boýunça mawy ýangyç Türkmenistandan Hytaýa iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, şu gün Astanada Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy döwletara gatnaşyklaryň taryhyna aýdyň sahypa bolup ýazyldy.Golaýda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda bolsa ajaýyp gazak halk sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeli oturdyldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen paýtagtynda ajaýyp gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkelini ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Bularyň ählisi biziň halklarymyzyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanydyr.

Gahryman Arkadagymyz we Gazagystanyň Prezidenti däp bolan dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de umumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew: Gazagystan Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürer
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşine Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Aşgabatda Gazagystanyň “KMG Drilling and Services” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy