Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Bu Sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň Sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menzilinden Döwlet kabulhanasyna ugrady.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar
Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wekiliýet Baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşygyna gatnaşýar
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler Sammiti Öz Işine Başlady