Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ŞHG-niň sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. Hormatly Arkadagymyz ŞHG+ görnüşinde guralan ýokary derejeli duşuşykda çykyş edip, ýurdumyzyň bu düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Astanada dünýäniň 16 ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlaryny bir ýere jemleýän möhüm çäre geçirildi. Köptaraplaýyn dialogy berkitmek: durnukly parahatçylyga we ösüşe tarap ymtylmalar mowzugynda geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de ŞHG+ formatynda dowam etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG-ni ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde görýändigini aýdyp, özara hyzmatdaşlygyň milli bähbitlerimize gabat gelýändigine ünsi çekdi.Biziň ýurdumyzy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän, onuň bilen işleşýän döwletlerdir halklar bilen çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan ýakynlyk, umumy gymmatlyklar we dünýägaraýyşlar baglanyşdyrýar.

Ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara gyzyklanmalar bu gün onuň üstüni ýetirýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilkinji nobatda, syýasy hyzmatdaşlyk boýunça öz garaýyşlaryny mälim etdi. Şunda ŞHG bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny kemala getirmäge goldaw bermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk beýan edildi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyga baha berende, Türkmenistan biziň ýurtlarymyzyň ykdysady bähbitleriniň utgaşdyrylmagyndan ugur alýar. Ýewraziýa yklymy ägirt uly serişdelere, demografik mümkinçiliklere eýe bolup, depginli ykdysady ösüşini, ylmy we tehnologik gazananlaryny aýdyň görkezýär. Şu şertler bolsa ulag, kommunikasiýalar, energetika ýaly ugurlarda netijeli özara hereketler üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz çykyşynda agzalan ugurlarda aýratyn gyzyklanma bildirilýän taslamalara ünsi çekdi.

Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Ýewropa çykalgasy bolan Hytaý Gyrgyzystan Özbegistan Türkmenistan Eýran Türkiýe, Demirgazyk Günorta ulag geçelgeleri, Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan Owganystan Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk we energetika geçirijileri barada barýar. Şular bilen birlikde, söwda, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, ýaşyl gün tertibi, maglumat tehnologiýalary ulgamlary, ynsanperwer we ylmy gatnaşyklar, ýaşlar syýasaty, sport hem möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekligi meýilleşdirýär
Pakistan ŞHG-niň 23-nji sammiti barada 50 sagatlyk habarlary teleýaýlymda görkezdi
R.Meredow ŞHG-nyň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Pakistanda ŞHG-niň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň ýygnagy geçer
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar