Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar

Şu gün Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilýän wekiliýet Baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.

Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-niň agza döwletleriň hem-de bu Guramanyň synçylaryň we dialog boýunça hyzmatdaşlaryň derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary çagyryldy.

ŞHG-niň hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramasydygyny ýatladýarys. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdan häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek maksady bilen tagallalary birleşdirmekden syýasy ulgamda oňyn dialogy, netijeli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şu ýyl ŞHG-de Gazagystan Respublikasy başlyklyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar
Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny beýan etdi
Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Geografik taýdan Türkmenistan uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar
Astanada ŞHG-niň sammiti geçdi