Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly ruhubelentlik bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymgulynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar hem bu göreldä eýerdiler.

Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu günki çäre we umuman, beýik söz ussadyna bagyşlanyp ýurdumyzda hem-de halkara derejede geçirilýän beýleki çäreler Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir gezek açyp görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Wladimir Putin bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar
Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysyny sowgat etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow we Masud Pezeşkian Aşgabatda duşuşdylar
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy