Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy HHR-iň Başlygyna gutlag iberdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy HHR-iň Başlygyna gutlag iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy gutlag hatynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen wagtyň synagyndan geçen dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýändigini, döwletara dialoga mahsus bolan birek-birege ynanyşmagyň, açyklygyň ýokary derejesiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp şertidigini belledi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi
Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar