Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen Bitewi suw sammitine gatnaşdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş etdi. Gahryman Arkadag çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleri çözmäge ýardam etjek bu foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär.
Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidir diýip hasap edýäris.Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär.
Bu kadany geljekde-de Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys.Sebitde suw serişdeleri birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn gymmatlyga hem ähmiýete eýedir.Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar diýip, Gahryman Arkadag aýtdy. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýandygyny belledi. Şolaryň birinjisi — halkara hukugyň berjaý edilmegi.
Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir.Ikinjisi — özara bähbitleriň hasaba alynmagy.Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr.
Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler. Üçünjisi bolsa bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegidir diýip, Milli Lider aýtdy we suw bilen bagly başlangyçlara Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynyň olaryň kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynam bildirdi.
Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usulyny ýola goýmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Şeýle hem Amyderýa we Syrderýa boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryny kabul etmegi çaltlandyrmagy öňe sürdi.
Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar.Sebitiň pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny işläp taýýarlar.Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Gahryman Arkadag howanyň üýtgemeginiň suw bilen bagly ýagdaýlara ýetirýän täsirine ünsi çekip, howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagynyň, buzluklaryň azalmagynyň we ygalyň düzgüniniň üýtgemeginiň diňe bir bu ýagdaýlara uýgunlaşmagy däl-de, eýsem, bilelikde gyssagly çäreleri görmegi hem talap edýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, olaryň ýurt üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, buzluklaryň sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygynyň, ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýandygyny aýtdy.
Hormatly Arkadag diňe häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýandygyny belläp, Türkmenistanyň buzluklara gözegçilik etmek, olary barlamak we goramak, şol sanda howanyň durnuklylygyny saklamak boýunça çözgütleri amala aşyrmak baradaky halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris diýip, Milli Lider sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanda bu maksady durmuşa geçirmek üçin täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleriniň yzygiderli esasda alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin birnäçe ýörite maksatnamalaryň kabul edilendigine üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Amyderýanyň suwuny rejeli peýdalanmak meselesine Türkmenistanyň milli we sebit ösüşi üçin örän möhüm wezipe hökmünde garaýandygyny aýratyn belläp, ýurtda suw ýitgilerini azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny hem-de beýleki zerur çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadag Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmek barada Türkmenistanyň başlangyjyna ünsi çekip, ýurduň başlangyjy boýunça kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk atly iki sany Kararnamasynyň bu babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu guramanyň Aziýa — Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek atly Kararnamasy barada aýdyp, Türkmenistanyň bu örän möhüm resminamalaryň kanunlaşdyrylmagyna Aral meseleleri boýunça ähli halkara işleriň kesgitleýji ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Bu soragda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň işine örän aýratyn orun degişlidir.Bu düzümler möhüm ähmiýeti bolan wezipeleri çözmegiň üstünde işleýär. Şoňa görä-de, olaryň işi diňe bir gazna gatnaşyjy döwletleriň ýardam bermegine däl-de, eýsem, giň we yzygiderli halkara goldawa hem daýanmalydyr.
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli we durnukly ulgamyny döretmek üçin dünýä bileleşiginiň öz tagallalaryny birleşdirmäge ukyplydygyna ynanýandygyny belläp, munuň üçin sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň, ylmy barlaglary işjeň alyp barmagyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmak üçin doly ýardam berjekdigini hem-de iň amatly şertleri döretjekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň suw meselesi boýunça Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, goňşy ýurtlar hem-de hyzmatdaşlar bilen aýdyňlyk we adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba almak esasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadag pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda häzirki döwürde örän möhüm ähmiýete eýe bolan meselelerde başlangyçly çykyş edýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur alynmalydyr diýip, bu möhüm meselede beýan eden garaýyşlary BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň hem-de sammite gatnaşyjylaryň uly goldawyna eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Türkmenistanyň alyp barýan suw diplomatiýasyna ýokary baha bermek bilen, häzirki wagtda ýurduň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň nusgalykdygyny belledi.