Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Daewoo koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Daewoo koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Тürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd kompaniýasynyň prezidenti Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, giň gerimli Aşgabat-siti şähergurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem milli we sebit ähmiýetli beýleki möhüm taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini we işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşykda Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Daewoo Engineering&Construction Co.,Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk we işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti Daewoo koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türk kompaniýalary Türkmenistanda 19 taslama durmuşa geçirýär
Abu-Dabide türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy taýýarlanylar