Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Habar berşimiz ýaly, 12-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we degişli düzümleriň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşlygyndan soň Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygyna badalga berlen ýerine bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna birnäçe şekil taslamalary görkezildi.

Bu ýerde Aşgabadyň Köpetdag şaýoly bilen Arkadag şäheriniň Akhan şaýolunyň çatrygynyň merkezinde oturdyljak özboluşly binanyň şekil taslamasy möhüm orun eýeleýär.Halk Maslahatynyň Başlygy taslamany synlap, oňa birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň, onuň degişli düzümleriniň binalarynyň, hojalyk desgalarynyň, metjidiň daşky hem-de içki bezegleriniň, Arkadag şäheriniň muzeýiniň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Şekil taslamalaryň hatarynda binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan agaçlaryň we mermer daşlarynyň dürli görnüşleri bar.

Şekil taslamalary bilen tanyşlykdan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň hojalyk düzümlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän ulaglaryň görnüşlerini synlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
Arkadag şäheriniň golaýyndaky aýlaw çatrygynda täsin bina gurulýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy