TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we Ýaşlyk teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň nobatdaky Halk Maslahatnda türkmen jemgyýetiniň hem döwletiniň durmuşyna degişli örän derwaýys we wajyp ähmiýetli meseleler halka hususan-da, pähim-parasatly gojalarymyza sala salnyp, ara alnyp maslahatlaşylmagy nesilbaşymyz Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň döwrebap hem kämil nusgasy bolar.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzyň geljegi üçin wajyp ähmiýete eýe bolan kararlar oňa gatnaşyjy ählihalk wekilleri bilen açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda ara alnyp maslahatlaşylar diýip, belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
HAZAR DEŇZI DOSTLUK WE HYZMATDAŞLYK DEŇZI
HALK MASLAHATY-JEBISLIGIÑ WE AGZYBIRLIGIŇ NYŞANY
Halk Maslahaty döwletli tutumlara badalga