Meşhur Girman bagşynyň ogly we onuň özboluşly ýerine ýetirijilik hörpüni dowam eden Patyşaguly hem häzirki Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky Patyşalyk diýen uly bolmadyk obada dünýä inýär. Çagalykdan kakasynyň we öýlerine ýygy-ýygydan gelip gidýän bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny köp diňlän Patyşagulynyň kämilleşmegine agalary Tejen, Mary sebitlerinde atlarynyň soňuna bagşy sözi goşulyp tutulýan Myratdyr Çarynyňam, doganoglany Yhym bagşy adyny alan Rahmanberdi Annasähedowyň (bu bagşynyň aýdan aýdymlary köp ýyllardan bäri türkmen radiosynda ýaňlanýar A.S.) hem täsiri az bolmandyr.
- Meniň bu käre ökdelemegimde kakamyň we doganlarymyň goşandy uludyr. Ýöne ýaş döwrümde bize gelip-giden Mylly aga, Sahy aga ýaly beýikleriňem täsiri çäksizdir.Halypalary ýanlaryndanam köp diňledim, radiodaky ýazgylaryny hem.
Elimiň ýüwrükligine, bagşyçylygymyň ösmegine Mary sebitleriniň Durdy Myrat, Öwezdurdy Welmämmet, Durnazar Hudaýberen, Geldi Begli, Oraz Bagybek, Han Aky, Ýazgeldi Kuwwat ýaly ezberleriňem täsiriniň uly bolandygyny ýatlasym gelýär.Olary köp diňledik, kän toý-dabaralary sowduk diýip, 2009-njy ýylyň güýzünde, ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplary bilen geçirilen duşuşykda gürrüň beripdi...
Türkmenistan radiosynyň altyn hazynasynda saklanýan ýazgylara üns berip synlanyňda, halypanyň ep-esli aýdymlarynyň bardygyna göz ýetirýärsiň.Bagşynyň ilkinji ýazgylary 1958-nji ýylda geçirilipdir.Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow kimin ägirt halypalaryň synagyndan üstünlikli geçen şol aýdymlarynda ussat dutarçy Çary Täçmämmedow sazandarlyk edipdir.
Ol şonda kakasy Girman bagşynyň ýazgyda miras goýan Ala gaýyşly, Şelpeli durna, Düşmüş ýaly nusgalyk aýdymlaryndan başga-da, Mary sebitleriniň bagşylarynyň ürç edip aýdýan Aýlanar sen, Aý indi, Daglara bar ýaly häsiýetli aýdymlaryny aýdypdyr.
Patyşaguly bagşy ikinji sapar 1962-nji ýylda ýene-de radio üçin ýazgy beripdir. Şol gezek oňa Çary Täçmämmedow bilen Ýagmyr Nurgeldiýew bilelikde sazandarlyk edipdir.Seýdek, Ýoluksa, Ýoluma ýaly soňky ýazdyran aýdymlarynda bagşynyň özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy has-da aýdyň duýulýar.
Patyşaguly Girmanow tä adynyň soňuna il-gün tarapyndan bagşy sözi goşulýança, obalarynda suw çekýän awtoulagyň sürüjisi bolup işläpdir.Soňra Marynyň Kemine adyndaky teatrynyň bagşylar toparyna çagyrylýar.Diňe bir welaýatyň çäginde däl, eýsem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem ençeme sapar çykyş eden ussat, ömrüniň soňky ýyllarynda Sakarçäge etrabynyň medeniýet öýünde ýaşlara tälim berýär.
Hormatly dynç alyşa çykandan soň, etrabyň çagalar sungat mekdebine yzygiderli baryp, dürli bagşyçylyk ýollary, şol ugurlaryň ussatlary barada gyzykly gürrüňler berip, her ýoluň halypalarynyň aýdyş aýratynlyklaryny görkezer eken.Munuň şeýledigine mekdebiň mugallymlary we uçurymlary bilen söhhbetdeş bolanyňda, magat göz ýetirmek bolýar.
Patyşaguly halypa egindeş-kärdeşi, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Myrat Gulmyrdow bilen ýerli hünärmenleriň kämilleşmekleri, öten-geçen halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryna içgin aralaşmaklary üçin yzygiderli alada edipdir.
Bu halypanyň milli sazymyzyň ösüşine goşan goşandyna uly baha berlip, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň halk artisti diýen at dakylýar. Patyşaguly Girmanow 2012-nji ýylyň güýzünde aradan çykdy [29, 144-145].