Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň we Bäherden etrap medeniýet bölüminiň, şeýle hem Miras teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda, 19-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki Medeniýet öýünde Bagşyly il bagtly il ady bilen Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.
Dabaraly çärä dürli kärdäki we dürli ýaşdaky 500-den gowrak myhman gatnaşdy.
Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Söýünow, halypaň at dakylany Orazgeldi Ylýasow, Bäherden şäherindäki 23-nji orta mekdebiň ýokary derejeli ussat mugallymy Bamyly Nepesow, Bäherden etrap medeniýet bölüminiň Nury Halmämmedow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Tuwakmuhammet Rejepow dagylar halypanyň ussatlygy we aýdym-saz sungatynda geçen ýoly barada gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdiler.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Kyýas Durdyýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Şadurdy Baýjykow, Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk hünäriniň mugallymy Allaýar Melejäýew hem-de bagşylar Meýlis Goçmyradow, Serdar Baýramow, Didarmuhammet Rejepow, Muhammet Aýdogdyýew öz ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.