Şu gün türkmen kinematografiýasynyň halypa hünärmeni, režissýor Hojaguly Narlyýew 85 ýaşyny doldurýar.
Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň döwlet baýragynyň laureaty H.Narlyýew 1937-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda doguldy. 1960-njy ýylda häzirki S.A.Gerasimow adyndaky Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa uniwersitetininiň operatorlyk fakultetini tamamlady. Ol goýujy-operator hökmünde “Bäsleşik” atly filmiň döredilmeginde iş alyp bardy.
H.Narlyýewiň ilkinji režissýorlyk işi, has takygy Maýagözel Aýmedowanyň baş rolda çykyş etmeginde surata düşürilen “Gelin” kinofilmi halkara kino festiwallarynyň birnäçesinde diplomlardyr baýraklara mynasyp görüldi.
Mundan başga-da, Hojaguly Narlyýewe sungat işinde “Aýal ata çykanda” (1974ý.), “Jemalyň bagy” (1980ý.), “Pyragy” (1984ý.), “Mankurt” (1990ý.) we beýleki filmleri uly meşhurlyk getirdi.