Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi

Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Bu dabara Daňatar Hydyrowyň maşgalasy, dostlary, kärdeşleri, muşdaklary olardan başga-da okuwymyzyň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.

Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary, Nury Muhyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde kamera orkestri, Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary ansambly, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar kwinteti, fortepiano eserleri we aýdymlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Begenç Gaýipow we konserwatoriýanyň talyplary ajaýyp aýdymlary bilen dabara şowhun berdiler.

Konsert Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestri we hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Gözel şäher Arkadag eseri bilen açyldy.

Konsertde ussat kompozitoryň 19 eseri yzygiderlikde ýaňlandy.Olardan ýörite fortepiano kafedrasynyň talyby Şaislam Kamiljanowyň ýerine ýetirmeginde 3 bölümli fortepiano üçin sonatina, şol kafedranyň talyby Abadan Meredowanyň ýerine ýetirmeginde öýkünmeler fortepiano üçin miniatýura, ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň talyby Dünýägözel Begaliýewanyň aýdym aýtmagynda Owlajygym, Bagyş et maňa, şol kafedranyň talyby Baýramtäç Gandymowa Heder eýleme, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýdym aýtmagynda Gyratym, halkara bäsleşiginiň eýesi Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary kwintetiniň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşigiň ýeňijisi Aman Amanowyň ýerine ýetirmeginde Aşyk bolmuşam, kamera orkestriniň ýerine ýetirmegindäki Gadymy daglaryň rowaýaty kinofilmden saz parçalary ýaňlandy.

Dabaranyň ahyrynda tomaşaçylar kompozitora gül sowgatlaryny gowşuryp, özleriniň minnetdarlygyny, konsertiň diýseň gyzykly geçendigini, lezzet alyp diňländiklerini aýdyp, kompozitora janynyň sag bolmagyny, döredijilik ýolunda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi
Astrahanda Hazar möwsümleri—2023 festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň güni bellenildi
Hazaryň möwsümleri 2023
Baky saz ýaňlanar...
Aýdym-saz sungatynyň türkmen we azerbaýjan wekilleri bilelikde onlaýn-konsert berdiler
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar