Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Welmyradowanyň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web sahypasynda habar berilýär.
Ýokary okuw mekdebiň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa döredijilik agşamyny alyp bardy. Ol görnükli sungat ussadyny ýaş toýy bilen gutlap, onuň şahsy durmuşy we baý döredijiligi barada dabara gatnaşyjylara gürrüň berdi. Professor Ýolaman Nurymow hem halypanyň zähmet ýoly barada gürrüň berdi.
Döredijilik agşamynyň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Şemşat Hojaýewa bilen Baýrammyrat Söýünow hem-de Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gülşirin Annamyradowa bilen Aýgül Ýagşyýewa dagylar hem çykyş edip, halypany şirin aýdymlardyr sazlar bilen gutladylar.
Ylham kamera orkestriniň sazandarlyk etmeginde Didar Ýomudow Mukamyň syry filminden Karkaranyň aýdymyny ýerine ýetirdi. Ilkinji zenan bagşy — Karkaranyň keşbini ady agzalan filmde Türkmenistanyň halk artisti Liza Garaýewa döredipdi, onuň aýdymyny bolsa halypa Amanbibi Welmyradowa ýerine ýetiripdi.
Dabaranyň dowamynda zehinli aýdymçy, halypa Amanbibi Welmyradowanyň durmuşyndan söz açýan suratlar görkezildi. Olar ýaş sungaty söýüjilerde uly gyzyklanma döretdi.