21-nji ýanwarda Türkmen kinomotografiýasynyň ussady Hojaguly Narlyýew 85 ýaş toýuny belledi.
Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýraklarynyň eýesi Hojaguly Narlyýew 1937-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda dünýä indi. Ol 1960-njy ýylda WGIK-iň operatorlyk bölümini tamamlady diýip Wikipediýa habar berýär.
Narlyýewiň ilkinji kinosy Bulat Muhtarowyň rejisýorlygynda, 1963-nji ýylda döredilen “Şükür bagşy” boldy.
Narlyýewiň debýut režisýorlygyndaky “Gelin”kinosynda, aýaly Maýagözel Aýmedowa baş roly oýnapdy we ol birnäçe halkara festiwallarda diplomlary hem baýraklary alypdy.
Şonuň ýalyda, Hojaguly Narlyýewiň “Aýal ata çykanda”, “Ýok diýmegi başar”, “Jemalyň daragty”, “Mankurt” kinolary onuň at-abraýyny “arşa göteripdi”.
Synçylaryň pikiriçe, garaşsyzlyk ýyllarynda Hojaguly Narlyýew, Maýagözel Aýmedowa we beýleki türkmen kino sungatynyň ussatlaryna ýeterlik goldaw berilmändigi sebäpli, ýurdyň dünýä belli kinomotografiýa pudagy gözgyny ýagdaýa düşdi.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owal beren maglumatlaryna görä, Türki döwletleriniň kino sungaty boýunça geçen ýylyň ahyrlarynda Stambulda geçirilen “Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwalyndaky” eminleriň arasynda ýekeje-de Türkmenistanly wekil ýokdy.
Festiwalda “Nejep oglan” kinosy görkezilipdi we oňa hiç bir baýrak berilmedi. The post Türkmenistanyň halk artisti 85 ýaşady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.