ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy häzirki wagtda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan FLEX programmalary üçin testleriň geçirilip başlanmagyna rugsat berilmegine garaşylýandygyny habar berýär.
Ilçihananyň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda test etmek Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Tejen, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinden sentýabr we noýabr aýlary aralygynda geçirildi.
“Biz FLEX-2017-niň progarmmalary üçin test etmegiň seneleriniň ýakyn wagtda yglan edilmegine garaşýarys.Ilçihana we Amerikan geňeşi häzirki wagtda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan FLEX programmalary üçin testleriň geçirilip başlanmagyna rugsat berilmegine garaşýar.
Bu rugsat alnan badyna test etmegiň geçiriljek senesi we ýeri ilçihananyň web-saýtynda we ilçihananyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda yglan ediler” diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” ABŞ-nyň ilçihanasynyň metbugat gullugyndan goşmaça maglumat almaga çalyşdy, emma bu haýyşlar jogapsyz galdy.