8-nji ýanwarda ABŞ-nyň Halkara bilim boýunça geňeşiniň ýokary klas okuwçylaryna bir okuw ýylyny Birleşen Ştatlarda okamaga mümkinçilik berýän Flex programmasyna kabul edişlik üçin geçirýän synaglarynyň wagty mälim boldy. Bu baradaky bildiriş şol bir wagtyň özünde “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde we ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň saýtynda çap edildi.
Bellemeli ýeri, bu ýyl regionlaryň ählisinden geljek okuwçylar üçin synaglar diňe paýtagtda geçiriler.
Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň noýab-dekabr aýlary aralygynda ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň synag geçirmek üçin rugsat bermegine garaşmaly boldy, ýogsa bu synaglar ozal sentýabr-noyabr aýlary aralygynda geçirilýärdi.
Mary, Mary welaýaty, Daşoguz, Daşoguz welaýatyBalkanabat, Balkan welaýaty
14-nji ýanwar
10:00
№ 20 mekdep, Aşgabat ş.
Aşgabat ş. Rejep Bäşimow köçesi, jaý 20
Türkmenabat, Lebap welaýaty,Türkmenbaşy, Ahal welaýaty
21-nji ýanwar
10:00
№ 20 mekdep, Aşgabat ş.
Aşgabat ş. Rejep Bäşimow köçesi, jaý 20
Aşgabat
28-nji aýnwar
09:00
№ 20 mekdep, Aşgabat ş.
Aşgabat ş. Rejep Bäşimow köçesi, jaý 20
Programma barada has anyk maglumatlary şu ýerden alyp bilersiňiz.