Türkmenistanyň häkimiýetleri adalatsyz azatlykdan mahrum edilen garaşsyz reportiýory boşatmaly. Nurgeldi Halykowyň işi boýunça beýannama

Türkmenistanyň häkimiýetleri adalatsyz azatlykdan mahrum edilen garaşsyz reportiýory boşatmaly. Nurgeldi Halykowyň işi boýunça beýannama

15-nji sentiýabrda garaşsyz reportiýor Nurgeldi Halykowyň azatlykdan mahrum edilmegine iki ýyl boldy.Ol Türkmenistana sapar eden Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) toparynyň suratyny garassyz neşir bilen paýlaşandan soňra tutulypdy.

Mundan soňra kazyýet onuň garaşsyz neşir bilen gatnaşyga girendigi üçin şübheli aýyplamalar boýunça dört ýyl azatlykdan mahrum edipdi.Biz prezident Serdar Berdimuhamedowy Halykowyň tizden-tiz boşadylmagy üçin çäreler görmäge we onuň azatlykdan mahrum edilmegini ýatyrmaga çagyrýarys.

2020-nji ýylyň iýulynda myhmanhananyň işgäri bolan gyz BSG-niň Aşgabada sapar eden toparynyň suratyny “Ýyldyz” myhmanhanasynda alyp, Instegram sahypasyna goýupdy.BSG-niň topary Türkmenistanyň Covid-19 ýokanjyna taýýarlygyny öwrenmek üçin Aşgabada sapar edipdi.

BSG öňünde goýlan şertler boýunça bu sapary barada owalyndan habar beripdi we türkmen häkimiýetleri koronawirusyň ýurda ýaýrandygyny ret edip,henize çenli muny dowam edýärler.

Halykow suraty alan gyz bilen bir mekdepde okapdy. Ol gyzyň Instegram sahypasynda goýan suratyny “Türkmen.news” neşirine ýollamak kararyna gelýär.

13-nji iýulda şol gyz Halykowy sahypasyndaky dostlarynyň arasyndan aýyrýar we soňra suraty jurnalistlere ýolladyňmy diýip soraýar. Mundan birnäçe sagat soňra Halykowy polisiýa çagyrýarlar we soňra onuň bilen aragatnaşyk kesilýär. Onuň maşgalasy “meselelere” salgylanyp, “Türkmen.news” bilen gürleşmekden boýun gaçyrýar.

26-njy iýulda Halykow 5 müň dollar karzyny yzyna bermändigi bilen ilteşikli özüne aýyplama ýöňkelýändigini “Türkmen.news” habar berup ýetişýär.Soňra onuň bilen aragatnaşyk ýene kesilýär.

Onsoň oktiýabr aýynda neşire belli bolmagyna görä, Halykow 15-nji sentiýabrda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrap kazyýetinde talaňçylyk diýlip baha berlen 5 müň dollar karzyny yzyna bermändigi üçin 4 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Halykowyň azatlykdan mahrum edilmeginiň hakyky sebäbiniň özüniň almadyk suraty garaşsyz KHS-ne ýollamakgydyny, şeýlede soragda garaşsyz neşir bilen işleşýändigini boýun almakdygyny çaklamaga esas bar.

Tussag edilen Halykow eýýäm, birnäçe ýyllap “Türkmen.news” bilen hyzmatdaşlyk edýärdi we onuň maglumatlary repressiýadan goramak üçin atsyz çap edilipdi.

Nurgeldi Halykow dürli baýramlar bilen bagly Türkmenistanda yglan edilen haýsyda bir günä geçişe düşmedi. Emma, ynamly maglumatlara görä, şeýle madda boýunça türmä basylan beýleki tussaglar günä geçişe düşdiler.

Mundan başga-da, Halykowyň garaşsyz KHS-de özi barada maglumatlar ýaýrandygy üçin birnäçe gezek jeza izolýatoryna salynandygy hem mälim boldy.

Türkmenistanyň Baş Kanunynda söz azatlygyna rugsat edilýär we ýurdyň bu ugurda Halkara kanunlary berjaý etmek borçnamasy hem bar. Garaşsyz KHS bilen aragatnaşygyň gadagandygy barasynda kanun ýok.

Biz Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Halykowyň işine täzeden garalmagyny üpjün etmäge,ony türmeden boşatmaga we onuň yzarlamagyny üpjün edenleri adalata çekmäge çagyrýarys.

“Jurnalistleri goramak boýunça topar”,

“Serhetsiz Reportiýorlar”,

“Human Rights Watch”,

“Adam hukuklary üçin halkara hyzmatdaşlyk”,

“Norwegiýanyň Helsinki topary”,

“Jurnalistler üçin adalat” gaznasy,

“Türkmen news”,

“Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy”The post Türkmenistanyň häkimiýetleri adalatsyz azatlykdan mahrum edilen garaşsyz reportiýory boşatmaly.

Nurgeldi Halykowyň işi boýunça beýannama first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Hukuk goraýjylar ÝB-Türkmenistan gepleşiklerinde adam hukuklarynyň 'gözden salynmazlygyny' soraýar
CJP Berdimuhamedowy žurnalisti boşatmaga we metbugaty çäklendirmezlige çagyrdy
CJP Berdimuhamedowy žurnalisti boşatmaga we metbugaty çäklendirmezlige çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Begmedowa: Biz demokratik üýtgeşmelere ymtylýan ýaş nesillerimize goldaw bermeli
TN: BSG Halykowyň işini Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gozgamagy wada berdi