Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi

6-7-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022 atly halkara sergi we onuň çäklerinde Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy. Ýöriteleşdirilen forum 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilen Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly we ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar.

Sergide ýurdumyz üçin senagat ulgamynda zerur we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini ozaldan öndürip gelýän kärhanalar bilen bir hatarda, bu işe ýaňy başlan täze kärhanalar hem öz mümkinçiliklerini görkezdiler.

Sergi bölümlerinde görkezilýän wideoşekillerde gurluşyk önümçiliginiň täze önümleri we tehnologiýalary, awtomatik ulgamlar, gurluşyk serişdelerini öndürýän kiçi zawodlar, suw sorujylar hem-de suw arassalaýjy enjamlar, panel we diwarlyk bloklary, alýumin, plastik germewler, santehniki we bezeg serişdeleri mahabatlandyryldy. Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Bouygues Turkmen”, “General Electric”, “Gap Inşaat”, “KSB”, “Rönesans”, “Sumitomo Corporation”, “Interbudmontaž”, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom”, “Çalyk Enerji”, “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi hem-de beýlekiler gurluşyk desgalarynyň şekillerini, innowasion işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalary görkezdiler.

Sergide suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş senagaty ugurlaryna möhüm orun berlipdir.

Täze binagärlik taslamalary sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.Bu ýerde edara toplumlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň şekilleri görkezildi. "Ajaýyp gurluşyk”, “Ussat inžener”, “Ugurly ýol”, “Ak bulut”, “Berk menzil, “Sapaly jaý”, “Aga gurluşyk”, “Myradym”, “Weli gurluşyk”, “Kämil ymarat” we beýleki kärhanalar gurluşyk pudagynda hususyýetçiligiň mümkinçiliklerini görkezdiler.

Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berýän bölümler uly gyzyklanma döretdi.Onda awtobanlaryň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň we ýurdumyzyň uly ýollarynyň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklary barada gürrüň berildi.

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat iş maksatnamasynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Onda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewürlik düzümleriniň wekilleri, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalaryň hünärmenleri adaty görnüşde we sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi
Gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy
Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi
Balkanyň çukanak-sakanak ýollary ulaglary hatardan çykarýar
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Aşgabat nurana geljege alyp barýan ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr