Türkmenistanyň günortasynda neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin çärelerde 100-den gowrak adam tutuldy

Türkmenistanyň günortasynda neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin çärelerde 100-den gowrak adam tutuldy

Türkmenistanyň günortasynda neşe söwdagärlerini ele salmak dowam edýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, häzirki döwürde 116 adam tutuldy. Hususanam, olar türkmen-eýran serhedindäki Ahal we Balkan welaýatlarynyň oba ýaşaýjylary.

Golaýda Balkan welaýatynyň Serdar (öňki Gyzylarbat) etrabynyň “Bendesen” obasynyň 8 ýaşaýjysy, şeýlede Magtymguly (öňki Garrygala) etrabynyň “Könekesir” obasyndaky serhet toparynda goşun gullugyny ýerine ýetirýan birnäçe esger tussag edildi.

1-nji fewralda “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, hukuk goraýjylar Eýrandan neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin Aşgabatda we onuň töwereklerinde ýörite çareler geçirýärler.

Şonda 30-a golaý adam tussag edilip, Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän gonamçylykdaky bukydan 25 kilogram neşe maddalary ele salynypdy. Derňewçileriň maglumatlaryna görä, soňky wagtda Türkmenistana 300 kilo neşeler getirildi.

Soňra Gokje, Akdaşaýak we Garadaşaýak obalarynda tussag etmeleriň bolandygy belli boldy.

Ahyrky gezek 35 kilo neşe maddalary saklanýan ýer tapylypdy.The post Türkmenistanyň günortasynda neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin çärelerde 100-den gowrak adam tutuldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Okuw esbaplary we mekdep lybaslary çagalara gymmada düşýär, mekdep okuwçylary zähmete mejbur bolýar
Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär
Ak gaýa başlangyç hem-de ahyrky gatlak suwag üçin şpatlýowkalary alyjylara ýetirýär
Ak gaýa gurluşyk materiallarynyň kärhanasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar