Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň da obalary bolan Aýdere, Krüždeý, Könekesir we Daýna obalarynyň ýaşaýjylary Sünt-Hasardag tebigy goraghanasynyň araçäginde peýda bolan aýyny görendiklerini aýdýarlar.
Tebigy goraghananyň işgärleri ýerli ýaşaýjylara seresap bolmak we aýyny gižželemezlik, iň esasy bolsa, wagşy haýwany öldürmezlik barada duýduryş berdiler.
Türkmenistanda uzak ýyllar işlän alym Wiktor Lukarewskiniň “Türkmenistanyň Hronikasyna” düşündirmegine görä, aýylar Eýranyň demirgazygynda ýaşaýar we şol ýerden käwagt türkmen topragyna geçýär.
Bu hili wakalar Magtymguly etrabynda (Garrygala), tebigyy goraghananyň Çandyr uçastogynda we Sumbar dereseinde, onuň Etrege birigýän ýeriniň sähel ýokarsynda bolýar.
Oba adamlary bu täzelikden howatyrlandylar, emma Wiktor Lukarewskiý biynjalyk bolmaga sebäp ýokdugyny aýdýar.
“Aýy, hususan-da onuň siriýa tohumy adam üçin düýpden howpsuz, elbetde, özüň baryp, onuň guýrugyndan çekmese” diýip, alym sözüni anyklaşdyrdy.