Türkmenistanyň gündogar sebitindäki taryhy ýadygärliklerde bejeriş-dikeldiş işleri geçirilýär

Türkmenistanyň gündogar sebitindäki taryhy ýadygärliklerde bejeriş-dikeldiş işleri geçirilýär

Şu günler Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýakynynda ýerleşýän Akmuhammet işanyň medresesinde bejeriş-dikeldiş işleri geçirilýär. Işleri Kerki döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar. Bu barada Jeyhun.news habar berdi.

Medrese Kerki etrabynyň Astanababa geňeşliginiň günorta-günbatarynda Kerki — Türkmenabat gara ýolunyň 12-nji kilometriniň çep tarapynda 150—200 metr uzaklykda çölüň eteginde ýerleşýär.Bu arhitektura ýadygärligi XIX asyra degişlidir. Öz döwrüniň uly bilim ojaklarynyň biri hasaplanypdyr.

Medrese ýerli ilat arasynda Kyrk gümmez, Akmät işanyň medresesi diýlip atlandyrylýar.Onuň gümmezi bişen kerpiçden gurlupdyr.Diwarlary bolsa iki gatdan ybarat bolup, içki gaty çig kerpiçden, daşky gaty pagsadan galdyrylypdyr.

Uzynlygy 12,30 metr, ini 11,80 metr ölçegde gurlupdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY
Medeniýet halkyň ruhy baýlygy
Türkmenistanda Gülen hereketiniň tarapdarlarynyň tut-da-baslygy dowam etdirilýär
17.09.2017 | Aşgabat 2017 oýunlarynyň alawyny alyp gelýän atlylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldiler