Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Ahal welaýatynyň häzirki zaman dolandyryş merkezi täze Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirdi.
18-nji ýanwarda geçirilen brifinge Gruziýanyň Birinji Kanaly, TW-24, The Georgian Business Week teleýaýlymlarynyň, News Day Georgia, InterPressNews habarlar agentlikleriniň, Geoecohub onlaýn neşiriniň, Rezonans, Mnogonasionalnaýa Gruziýa, Swobodnaýa Gruziýa, Komsomolskaýa Prawda gazetleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi D.Muratow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek, ýurduň döwlet binýadyny berkitmek, ykdysady kuwwatyny ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen uzak möhletleýin meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde şäheriň döremegi, ýurduň täze ösüş belentliklerine ynamly öňe gidişliginiň, halkyň döredijilik mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýene bir subutnamasydyr.
DIM-niň resmi saýtyndaky habara görä, žurnalistlere şäherde, seýilgäh meýdançalarynda gurulýan gurluşyklar, binalar we desgalar, şeýle hem akylly şäher tehnologiýalarynyň kadaly işlemegini üpjün etjek häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlary barada jikme-jik maglumat berildi.