Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Deutsche Bank AG bankynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi

Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Deutsche Bank AG bankynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsuly Myrat Özbekbaýew Deutsche Bank AG bankynyň Demirgazyk we Gündogar Ýewropa boýunça sebit bölüminiň baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartz bilen duşuşdy. Taraplar maliýe we bank pudagynda türkmen-nemes hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada HHM habar berýär.

Ýorg Bongartz soňky ýyllarda Deutsche Bank AG banky tarapyndan Türkmenistanyň bank pudagynyň hünärmenleri üçin geçirilen seminarlar we okuwlar barada türkmen konsulyna gürrüň berdi. Taraplar nemes bankynyň Türkmenistanyň maliýe guramalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekdiler.

Mundan başga-da, türkmen konsuly we Deutsche Bank AG-niň sebit bölüminiň başlygy bankyň baş edarasy ýerleşýän Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde bilelikdäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli çäreleri guramagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Mejlisiň Başlygy Kipr Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
Aşgabatda Türkiýede ýertitremesinde ejir çekenler üçin galyň gyş ýorganlary (odeýalo) ýygnalar
Aşgabatda Türkiýede ýertitremesinde ejir çekenler üçin galyň gyş ýorganlary ýygnalar
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy