Soňky ýyllarda Türkmenistanyň awtoritar lideriniň ogly Serdar Berdimuhamedow köpçüligiň öňünde ýygy-ýygydan görnüp başlady, sebäbi kakasy ony öz ornuna mirasdar etmäge çalyşýardy. Serdar Berdimuhamedowyň eýeleýän köp sanly ýokary wezipelerine garamazdan, şahsy durmuşy hem häsiýeti barada kän zat mälim däl.
Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji martynda, irki prezident saýlawlaryny geçirmek meýilleşdirildi. Awtoritar lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky döwlet baştutany boljakdygyny ynam bilen aýtmak mümkin.
Soňky ýyllarda 40 ýaşly kiçi Berdimuhamedow jemgyýetiň ünsüni has köp özüne çekýär, ol ençeme ýokary wezipäni eýeleýär hem-de kakasy ony Türkmenistanyň prezidenti wezipesine taýýarlaýandygy üçin, köp sanly jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýar, ol çäreler bolsa köp, sebäbi Türkmenistan tebigy gaz gory boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.
Geljekki prezident boljagyň ýurduň syýasy durmuşyna barha işjeň gatnaşýandygyna garamazdan, onuň şahsy durmuşy hem häsiýeti barada az zat bilinýär. Öňki işleşen kärdeşleri ony öz howpsuzlygy ugrunda aşa köp gyzyklanýan, gol astyndakylara bolsa äsgermezlik bilen garamagy halaýan ýolbaşçy diýýärler.
BIRDEN ÝOKARLANAN WEZIPE BASGANÇAGY
Serdar Berdimuhamedow garaşylmadyk ýagdaýda, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda syýasata geldi, parlament agzasy boldy hem Daşary işler ministrliginiň maglumat bölümine ýolbaşçylyk etdi.
2018-nji ýylyň mart aýynda Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi. Şondan bäri onuň syýasy karýerasy ýokarlanyp: her iki aýdan täze, has ýokary wezipä bellendi.
2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellendi hem alty aýdan soň welaýatyň häkim boldy.
2020-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, bir ýyllap Senagat ministri bolup işledi, ondan soňra wise-premýer wezipesine geçdi.
Onuň soňky eýelän wezipesi Türkmenistanda möhüm hasaplanýar, sebäbi ýurtda premýer-ministr wezipesi ýok, prezident, ýagny Serdaryň kakasy prezident bolmak bilen birlikde, Ministrler kabinetiň hem başlygy bolup durýar.
Ol wezipe hakykat ýüzünde Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanda ikinji täsiri ýokary adam derejesine ýetirdi.
Şol bir wagtyň özünde kiçi Berdimuhamedow Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy, ýurduň býudjetine we hökümetiň çykdajylaryna gözegçilik ediji Ýokary kontrol palatasynyň başlygy hem boldy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Soňra Moskwada hem Ženewada okamak bilen halkara gatnaşyklaryny öwrendi. Ol maşgalaly, dört çagasy bar, maşgalasy hakda başga zat anyk däl.
Onuň kakasynyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy baradaky gep-gürrüňleriň dörän döwründen, wezipe basgançagyndan birden ýokary göterilip başlady.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hökmünde tigir sürmegi, trusili ylgamagy halaýan prezidentiň daşky keşbini hiç bir kemçiliksiz ýalpyldadyp görkezýän köpçülik habar beriş serişdeleriniň maglumatyna garamazdan, Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk meselesinde düýpli näsazlygyň, şol sanda süýji keseliniň bardygy hakda, maglumatlar peýda bolup dur.
2019-njy ýylyň tomsunda prezident birnäçe hepdeläp köpçüligiň nazaryndan ýitdi, bu bolsa onuň komada özüni bilmän ýatandygy ýa-da aradan çykandygy baradaky çaklamalary döretdi. Ýöne ol jemgyýetçilik durmuşyna gaýdyp geldi hem ogluny mirasdüşer hökmünde taýýarlamagyny işjeň dowam etdirdi.
BOÝNUŇY TOWLARYN!
Türkmenistanyň berk gözegçilik astyndaky döwlet habar beriş serişdeleri Serdar Berdimuhamedowy "halkyň ogly" diýip atlandyrýar, ony "kiçigöwünli hem mylaýym ýürekli", örän maşgalaçyl, "öz kärdeşleriniň hormatyny gazanýan" adam hökmünde görkezýär.
Muňa garamazdan, onuň öňki gol astynda işlän käbir adamlaryň sözüne görä, Serdar Berdimuhamedow öz sadalygy ýa-da hoşniýetliligi bilen tapawutlanmaýar.
Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimi bolup işlän döwründe, öňki edara işgärleriniň aýtmagyna görä, hususan-da özi edarada wagtynda, beýleki işgärlere eger bir gyssagly ýagdaý ýüze çykmasa, iş orunlarynda oturmagy berk tabşyrýan eken. Häkimligiň işgärlerine özlerini örän ümsüm alyp barmagy hem jübi telefonlary ulanmagy gadagan edilipdir.
Düýbi Awstriýada ýerleşen Türkmenistanyň Hronikasy neşiriniň žurnalistine öňki bir işgäriň aýtmagyna görä, kiçi Berdimuhamedow gol astyndakylara “boýnuňy towlaryn” diýip haýbat atýan eken.
Şol wagtyň özünde, Serdar Berdimuhamedow öz howpsuzlygyna hem aýratyn üns beripdir.
Onuň öňki kärdeşiniň aýtmagyna görä, ol işe geleninde, aýnasyndan içi görünmeýän awtoulagda, "edil prezidentiň ugradylyşy ýaly", töweregi howpsuzlyk işgärleri bilen gurşalan goragly ýagdaýynda gelip-gidýän eken.
Ahal welaýatyna ýolbaşçylyk eden döwründe, onuň kabinetiniň agzynda garawul goýlupdyr, diňe birnäçe wezipeli işgäre onuň kabinetine girmäge rugsat berlipdir, diňe şolar onuň bilen gürleşip bilýän eken.
Serdar Berdimuhamedowyň ýönekeý adamlaryň durmuşy, olary alada goýýan meseleler bilen gyzyklanmaýandygyny Ahal welaýatynyň käbir ýaşaýjylary Türkmenistanyň Hronikasy neşirine gürrüň beripdi.
Olaryň sözlerine görä, onuň gulluk wezipesiniň bir bölegine girýändigine garamazdan, häkimlige arza-şikaýat bilen gelen raýatlar bilen duşuşmakdan ýüz öwrüpdir.
KAKASY ÝALY BOLARMY?
Serdar Berdimuhamedow hökümet wezipeleri bilen bir hatarda, Türkmen Alabaý itleri birleşiginiň we Halkara Ahal-teke atçylyk assosiasynyň başlygy wezipesini-de aldy.
Türkmen Alabaý itleri hem ahal-teke atlary prezident Berdimuhamedowyň eý görýän haýwanlary, olar barada hatda kitap hem ýazdy, geň galdyryjy ululykda, ol haýwanlaryň altyn heýkellerini gurdurdy.
Kiçi Berdimuhamedowda kakasyndaky ýaly, haýwanlara bolan höwes emele geljekmi ýa-da ýokmy, ol belli däl. Ol prezidentiň käbir endiklerini gaýtalamaýar, meselem, aýdym aýtmak, çalt hereket edýän awtoulag sürmek we dürli ýaraglardan ok atmak ýaly höwesler onda ýok.
Serdar Berdimuhamedow garyplykdan, korrupsiýadan we işsizlikden ejir çekýän ýurdy miras alar. Çaga dogluş derejesiniň ýokarydygyna garamazdan, Türkmenistan ilatyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Millionlarça adam mümkinçilikleriň we şahsy erkinligiň ýoklugy sebäpli ýurtdan çykdy.
Wezipe başyna geçenden soň, onuň hakyky syýasy güýje eýe boljakdygy ýa-da kakasynyň täsirinde bolup gitjekdigi bu hem belli däl.
Her niçigem bolsa, türkmenleriň köpüsi ýurtda prezidentlik wezipesiniň Berdimuhamedowlar maşgalasynyň elinde galmagy düýpli üýtgeşiklik getirmez ýa-da halkyň hal-ýagdaýy hakyky derejede gowulyga tarap özgermez diýýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.