Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine

Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresiniň geçiriljek wagtyna çenli bir aýdan hem az wagt galdy, bu duşuşyga dünýäniň energetika bazaryna esasy gatnaşyjylar ýygnanar.Bu strategiki häsiýetli ulgamy mundan beýläk-de özgertmegiň ýolunda maýa goýum mümkinçiliklerini açmagyň çözgütlerini kabul etmek üçin binýady döredýän möhüm waka taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň işini ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän halkara derejeli işewürlik pudaklaýyn maslahatlaryň uly ähmiýetine ünsüni çekýär. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde abraýynyň ýokarlandyrylmagy, milli ösüşde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek, maýa goýumlaryny çekmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin sergi-maslahatlary guramagyň uly ähmiýetini ençeme gezek nygtap geçdi. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Gaz kongresi geçen ýyllarda abraýly pikir alyşmalar meýdançasyna öwrüldi, onda hünärmenler, dolandyryjylar hem-de bilermenler derejesinde uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak meseleleri boýunça iň möhüm meýiller ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem ondan taýýar önümleri öndürmek we bu pudakda halkara tehnologiýa, söwda-ykdysady hem-de syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garalýar, munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Gaz kongresi (TGC 2019) geografiýasy we oňa gatnaşyjylaryň derejesi babatynda aýratyn wekilçilikli bolar, foruma gatnaşmak üçin eýýäm daşary ýurt döwlet düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri, alymlar we bilermenler, akademiki we maliýe edaralarynyň işgärleri, ugurdaş iri kärhanalaryň we transmilli holdingleriň wekilleri gyzyklanma bildirdiler.

Olaryň hatarynda Hyundai Engineering, Kawasaki, Shell, Petronas, Gaffney, Cline and Associates, NAPECO, Vitol, CNPC, Dragon Oil, ENI, Buried Hill we beýlekiler bar.Maslahata gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilmegi dowam edýär, onuň gerimi gün-günden giňeýär, munuň özi Türkmenistana energetika döwleti hökmünde ägirt uly gyzyklanmanyň subutnamasydyr.

Kongresiň iş maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanlaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we sebit gaz-ulag düzümini ösdürmek, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak we beýlekiler boýunça anyk görkezmeleri esasynda düzülýär.

Kongrese ýokary gyzyklanma häzirki wagtda beýleki ýangyç serişdelerinden tapawutlylykda “mawy ýangyjyň” uglewodorod serişdeleriniň dünýä boýunça sarp edilmeginiň düzüminde möçberiniň üznüksiz artýandygy bilen baglydyr. Şol sebäpli hem dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen gaz pudagynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmalary kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini iberýän iri ýurtlaryň hatarynda öz ornuny ynamly berkidýär.Maslahata türkmen tarapyndan hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn döwlet konsernleriniň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklary bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar, duşuşykda bu pudakda emele gelen iň täze maglumatlar beýan edilýär, seljerme synlary habar berilýär hem-de ýurdumyzda gaz senagatyny ösdürmek boýunça geljekki çäreler barada maglumatlar getirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen topragy tebigy baýlyklaryň hazynasydyr.Diňe bir ägirt uly Galkynyş gaz käniniň özi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.Türkmenistan energetika ulgamynda dürli ýurtlar bilen strategiki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak bilen häzirki wagtda bu gatnaşyklary ýewropa, aziýa, uzak gündogar hem-de günorta-günbatar ugurlarynda giňeldýär, iri daşary ýurt maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 19-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz energetika ulgamynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň örän baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak meseleleri barada aýratyn durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň günbatarynda, Hazar deňziniň kenar ýakasynda ýerleşýän Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýtdy.

Milli Liderimiz çig malyň uly gorlaryna eýe bolan bu käni özleşdirmegiň geljeginiň uludygyny belledi.Bu ýerde burawlanan guýy Merkezi Aziýa sebitinde iň çuň hasaplanylýar hem-de ýakyn wagtda geçiriljek degişli işler ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kuwwatlyklaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

X Halkara gaz kongresiniň dowamynda Türkmenistanyň gaz we gazhimiýa senagatynda täze maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy bolar, 2018-nji ýylda Garabogaz şäherinde tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de karbamid önümçiligi boýunça zawodyň we Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň ulanmaga berilmegi bu ulgamy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Pespublikasynyň Baştutany Mun Çže In bilen bilelikde Gyýanlynyň polimer zawodyna baryp gördi.

Belent mertebeli myhman ýurdumyza ilkinji döwlet sapary mahalynda Koreýanyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde geljekde durmuşa geçiriljek taslamalara hem-de şunuň ýaly ýokary tehnologiýaly senagat toplumlarynyň döredilmegine gatnaşmaga ägirt uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. 21 — 22-nji maýda geçiriljek Gaz kongresinde ýurdumyzy durnukly ösdürmek maksady bilen, türkmen Lideriniň daşary ýurtlara energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşylýan esasy meseleleriň biri bolar. Şunuň bilen baglylykda, sebit üçin strategiki möhüm ähmiýetli Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy maslahatyň gün tertibine aýratyn mesele hökmünde giriziler. Şeýle hem bilermenler intellektual tehnologiýalary ulanmak arkaly gazy çykarmak, gaýtadan işlemek we ugratmak işlerini gowulandyrmagyň dürli strategiýalaryny öwrenmegi meýilleşdirýärler. Şunuň bilen birlikde kongresiň meýdançalarynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, toplumlaýyn gaýtadan işlemek hem-de ýokary goşmaça bahaly taýýar önümleriň önümçiligi ulgamynda uzak wagtlaýyn taslamalary amala aşyrmak üçin göni maýa goýumlaryny çekmek babatynda gyzyklanma bildirýän nebitgaz kompaniýalary bilen pikir alyşmalar geçiriler.

Türkmenistan bu taslamalary amala aşyrmak bilen, dünýä energetika bazarynda uglewodorod serişdelerini iberýän iri döwlet hökmünde diňe bir öz ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, energetika boýunça eksportuň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny işjeň ösdürmegiň hasabyna bu ulgama gatnaşmagyny hil taýdan täze derejä çykarar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň ýüze çykarylan gorlary ýüz millionlarça tonna nebite hem-de tebigy gazyň trillionlarça kub metrine deňdir, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, munuň özi ýangyjyň bu görnüşleri bilen içerki sarp edijileri hem-de eksporta iberilýän möçberlerini köp ýyl öňünden kepillendirmek üçin ýeterlikdir.

Bu babatda Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy sebitde, yklymda hem-de bütin dünýäde durnukly ösüşiň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

21.04.2019 | Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine
02.04.2019 | Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi
Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi
01.05.2019 | Öňde boljak Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi — täze görnüşdäki ýubileý
Öňde boljak Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi — täze görnüşdäki ýubileý
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi