Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Türkmenistanyň täzelenip bilýän çeşmeleri ösdürmekde üstünlik gazanyp biljekdigini aýtdy.
“Fars” habarlar gullugynyň habaryna görä, Ýewropa Bileleşigi-Türkmenistan sammitindäki Ýewropanyň ilçisi Diego Ruiz Alonso, adaty energiýa çeşmeleriniň eýesi hökmünde Türkmenistanyň täzelenip bilýän energiýany ösdürmäge maýa goýup we üstünlik gazanyp biljekdigine ynam bildirdi.
Diego Ruiz Alonso, Ýewropanyň ýaşyl energiýany ösdürmekde köp ýyllyk tejribesiniň bardygyny we uglerod(karbon) öndürilmegini nola ýetirip başarandygyny aýtdy.
.ÝB-niň ilçisiniň pikiriçe, adaty energiýa çeşmeleri gymmatlaýar we bu ÝB-niň täze energiýa syýasatynda dogry ýoldan gidendigini tassyklaýar.
Alonso "EUB ýurtlarynda uglewodorod serişdeleri ýok we täze energiýa syýasatymyz 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazyny azaltmagy ýa-da ýok etmegi maksat edinýär" Şonuň üçin häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine doly geçiş etabyndadyrs diýdi.
Türkmenistan ýakyn wagtda 10 megawattlyk gün-ýel gibrid zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energiýasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýol kartasyny tassyklady.