19-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamany taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyçlary esasynda ýurtda ählumumy gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli bolup durýan meselelere, hususan-da, energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine islegler barha artýar. Munuň özi ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly derwaýys meseleleriň çözülmegini şertlendirýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurtda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan ýurduň borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär.
Bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan halkara derejede alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamanyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Şu maksat bilen, ugurdaş halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri we düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň sentýabr aýynyň birinji ýarymynda meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselelerini halkara derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahaty guramak teklip edilýär.
Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) ýolbaşçylary bilen gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetini Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär.
Ýurduň ykdysadyýetine gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan maýa goýumlary çekmek babatda şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky teklip beýan edildi. Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Ýurtda Gün hem-de ýel energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertler bar. Türkmen döwleti bu ugurda halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça meýilnamany işläp taýýarlamakda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.