Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky täze halkara ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga şu ýyl gol çekiler

Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky täze halkara ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga şu ýyl gol çekiler

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Hazar we Gara deňizlerini baglanyşdyrýan täze ulag geçelgesi dörediler. Bu barada Report habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, täze Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesi Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň hem-de Rumyniýanyň gatnaşmagynda dörediler.

Dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşyga şu ýyl Buharestde gol çekiler diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň daşary işler we ulag ministrleriniň bilelikdäki maslahatyny guramak meýilleşdirilýär. Bu forum Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny durmuşa geçirmek barada dörttaraplaýyn ylalaşyga gol çekmek babatda jemleýji pikir alyşmalar üçin meýdança bolup hyzmat eder.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Arkadag futbol topary Rumyniýadaky türgenleşiklerini üstünlikli tamamlady
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Buharestde geçirilen Ýaş parlamentariler torunyň maslahatyna gatnaşdy
Ýurdumyz Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan we Rumyniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar