Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristler bileleşigi öz geňeş berýän sahypasyny açdy

Gadyrly okyjylar,

Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristler bileleşigi internetde öz resursyny açdy. Indi siz özüňiziň “ýuridiki konsultasiýalar” temasyna degişli soraglaryňyzy göni bu guramanyň başlygy Timur Misrihanowa, onuň Facebook sahypasyna iberip bilersiňiz.

“Türkmenistanyň Hronikasy” saýty we Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristler bileleşigi ýurduň raýatlaryna ýuridiki geňeş-maslahatlary bermek proýekti boýunça iki ýyldan gowrak wagtlap bilelikde işledi.

Bu proýekt uly meşhurlyga eýe boldy we soraglaryň gelmegi henizem dowam edýär. Geçirilen tejribäni nazara alyp, sizden bir zady haýyş edýäris: soraglaryňyzy ugratmazyňyzdan öň ýuristleriň mundan öňki beren jogaplaryna serediň. Soraglaryň köpüsi gaýtalanýar we olaryň jogaplary bireýýäm çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy
EKSKLÝUZIW: Azatlyk Radiosyna "Gülençidigi" öýdülip tussag edilenleriň Hökümi gowuşdy
Türkmen telekeçilerine çykarylan höküm belli boldy
Ýurist: Türkmenistanyň prezidenti “Metbugat hakyndaky kanuny” bozdy
Türkmen raýat jemgyýeti wekilleriniň Wenada duşuşygy boldy
Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi