Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň Belent boýly ussadym atly kitabyna syn

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň Belent boýly ussadym atly kitabyna syn

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň Belent boýly ussadym atly kitabynda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär.

Kitapdaky mähir-muhabbete ýugrulan goşgular türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamynyň, berkarar türkmen döwletiniň bina bolandygyna şahyr zenanyň özboluşly seslenmesidir, ýürek owazydyr.

Kitaba şahyryň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ruhlanyp ýazan, ynsan ýaşaýşynyň köp taraplaryna degişli söýgi, durmuş baradaky goşgulary hem girizildi.Many-mazmuna, çuňňur çeperçilige bagyşlanan şygyrlar, olardaky pelsepewi pikirler okyjylaryň ünsüni özüne çeker.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar onuň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

Ýene degişli makalalar

Magtymguly sözüň bilene sözdür
Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi
Türkmen Bitaraplygy dünýä nusgalyk
Tebigat we ekologiýa
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
BELENT BOÝLY USSADYM