Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa bilen okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi.

Geçirilen döredijilik duşuşykda halypa şahyr Gözel Şagulyýewa özüniň täze ýazan ajaýyp goşgularyny okyjylarymyza ýetirdi.Soňra halypa şahyr öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň şu günki ýaş nesillerimiziň bagty üçin alyp barýan beýik işleri, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle hem şu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap Belent boýly ussadym atly ajaýyp kitaby hakynda söhbet etdi. Şeýle hem halypa şahyr Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen hemmeleri gutlady we bu uly toýa görülýän taýýarlyk barada giňişleýin söhbet etdi.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşan okyjylar bilen sorag-jogap alşyldy.

Halypa şahyr Gözel Şagulyýewa söhbetiniň soňunda, bize şu ajaýyp döwri peşgeş beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Arkadag hem Pyragy — köňülleriň çyragy
Döredijilik duşuşygy
Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy
BELENT BOÝLY USSADYM
Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi
Magtymguly sözüň bilene sözdür