Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa

Hormatly Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa!

Sizi Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany diýlip atlandyrylan ýylymyzda 80 ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň janyňyzyň sag, öý-ojagyňyzyň abadan, galamyňyzyň hemişe ýiti bolmagyny arzuw edýärin!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli edebiýatymyz mazmun taýdan düýpli öwrülişigi başdan geçirdi.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagty, ýurdumyzyň ýeten derejeleri, gazanan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda, çeper edebiýatda öz beýanyny tapýar.

Bu babatda Siziň döredijiligiňize aýratyn ornuň degişlidigini türkmen okyjylary ykrar etdiler.Siz uzak ýyllaryň dowamynda edebiýata gulluk edip, kämil eserleriňiz bilen okyjylaryň ynamyny, söze sarpa goýýan halkymyzyň hormatyny-sarpasyny gazanmagy başardyňyz.

Edebiýat meýdanynda öz ýoluny tapan şahyr hökmünde ykrar edilmek söz sungaty bilen iş salyşýan adam üçin in belent mertebedir, hormatly derejedir.

Watana bolan söýgi iň belent söýgi hasap edilýär, Dünýäde uly-uly açyşlar, iň oňat işler Watan üçin edilýär.Iň ajaýyp sözler hem Watan, il-ýurt barada aýdylýar.Siziň ýüregiňiziň ýylysyny, yhlas-başarnygyňyzy siňdirip ýazan şygyrlaryňyz, poemalaryňyz Watan hakynda özboluşly aýdym bolup ýaňlanýar.

Siz her bir setiriňizi sünnäläp, yhlas siňdirip ýazmak bilen birlikde, döwrüň wakalaryna bada-bat seslenmegi hem başarýarsyňyz. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, döwrüň, günüň wajyp wakalary bada-bat Siziň şahyrana nazaryňyza ilýär.

Bu bolsa ykbalyny Watan ykbalyndan aýry saýmaýan ynsanlara mahsus häsiýetdir. Çünki ähli üstünlikleriň gözbaşynda watançylyk söýgüsi, öz ykbalyny baglan käriňe bolan ygrarlylyk bar.

Gadyrly halypa şahyrymyz!

Biz ýurdumyzda medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamalara aýratyn hormat goýýarys.Türkmen topragy taryhyň ähli döwürlerinde-de dünýäniň söz älemine ummasyz goşant goşan görnükli şahsyýetleri bilen meşhurdyr.

Biziň topragymyz dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna eserleri goşulan Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Nurmuhammet Andalyp, Annagylyç Mätäji, Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Mollanepes, Seýitnazar Seýdi... ýaly söz ägirtlerini, soňky asyrlarda bolsa Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Aman Kekilow, Nurmyrat Saryhanow, Ata Atajanow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Mämmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow... ýaly belli ýazyjy-şahyrlary dünýä beren toprakdyr. Şolardan gelýän edebi ýoluň döwrüň ruhy bilen milli ýörelgeleriň sazlaşygynda dowam etdirilmeginde Siziň aýratyn şahsy goşandyňyz bar. Şoňa görä-de, Watan öňündäki bitiren hyzmatlaryňyz üçin Size Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent derejeler berildi, şeýle-de Siz Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna we beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp bolduňyz.

Uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiňiz netijesinde Elbukjam, Men garagumly, Uzaklarda nazarym, Söýgi mukamy, Ak gülleriň — ak ýolum, Belentligiň asman-zemin arasy, Dünýäň özem gözellige aşykdyr, Göwün otyr Aý içinde ýaly kitaplaryňyz okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Bu kitaplaryňyz we döwürleýin metbugatda yzygiderli çap edilýän eserleriňiz türkmen şygryýetiniň many-mazmun, täzeçil tärler bilen baýlaşmagyna saldamly goşant boldy.Siziň ýubileý senäňiziň bellenilýän günlerinde okyjylara gowşan Gezdim şygryň dünýäsinde atly täze kitabyňyz hem bu sanawyň üstüni ýetirip, okyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Biz ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren ýörelgesi bolan, halypa-şägirt ýörelgesine uly ähmiýet berýäris.Siz bu ugurda hem özboluşly mekdebi döredip, görelde alarlyk işleri bitirdiňiz.Siziň göreldäňiz, arman-ýadaman öwretmegiňiz bilen türkmen şahyrlarynyň täze nesli edebiýat meýdanyna geldi.

Sizi bu gün ýurdumyzyň şygyr bilen iş salyşýan köp sanly ýaşlary, şeýle-de özleri halypalyga ýetişip, il içinde adygan şahyrlarymyz hem özleriniň halypasy hasaplaýar.Munuň özi şahyr üçin uly mertebedir.

Döwrümiziň waspçysy Amangözel Şagulyýewa!

Siziň ömrüňiziň kämillik we döredijiligiňiziň gül açýan döwri eziz Watanymyz Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşlere beslenýän, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görýän döwrüne gabat geldi. Şeýle bagtyýar döwür bolsa şahyr üçin ylham akabasy bolup hyzmat etmelidir.

Döwletiň aladasy bilen ynsan ömrüniň dowamlylygynyň uzaýan döwründe 80 ýaş döredijilik ussady üçin goýazylygyň hem-de kämilligiň iň belent derejesi hasaplanýar. Şonuň üçinem Siziň döwrüň sesine ses goşýan, üstünliklerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň waspyny ýetirýän kämil eserleriňiz bilen okyjylary ýene-de begendirjekdigiňize ynanýaryn.

Hormatly Amangözel Şagulyýewa!

Sizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň uludan dabaralandyrylýan ýylynda belleýän 80 ýaş toýuňyz bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, maşgalaňyz abadan bolsun!

Goý, mundan beýläk-de galamyňyz ýiti bolup, zehiniňiz hemişe dag çeşmeleri ýaly uly joşgun bilen çogup dursun!

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Ýene degişli makalalar

Akyldaryň okan mekdebi
Reňkleri dillendiren ussat
Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy
Dostluk festiwalynyň çäginde türkmen we özbek şahyrlary duşuşdylar
Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
Aklanan Hojanepes Çaryýew näme üçin ýatlanmaýar?