
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy dünýä ýygyndylarynyň täzelenen reýting-sanawynda 64-nji orunda görkezildi. Bu barada şu gün Futsal World Ranking web-saýty habar berdi.
Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, türkmen ýygyndysyna 907 utuk berildi. Türkmen futzalçylary Çiliniň ýygyndysyndan bir basgançak ýokarda, Kosowanyň ýygyndysyndan bolsa bir basgançak aşakda.
Sanawyň ilkinji 10-lugyna Braziliýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Argentinanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Paragwaýyň, Italiýanyň we Horwatiýanyň ýygyndylary girýär.
Aziýa boýunça alnanda, milli ýygyndymyz 13-nji orundadyr. Ol yklym sanawynda Täjigistan bilen Bahreýniň aralygynda ýerleşýär. Aziýanyň iň güýçli üç ýygyndysy hökmünde Eýran, Ýaponiýa we Taýland görkezilýär.