Türkmenistanyň futzal çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary tamamlandy

Türkmenistanyň futzal çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary tamamlandy

7-nji iýunda Türkmenistanyňň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary bilen ikinji aýlaw tamamlandy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyryň merkezi duşuşygy Mergen Ataýewiň tälim berýän “Senagatbank” topary bilen ýaryş tertibiniň üçünji topary “Köpetdag” bilen duşuşdy. Netijeli çykyş eden “Köpetdag” topary bu duşuşygy 6:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady. Bu ýeňlişe garamazdan, “Senagatbank” topary ikinji aýlawyň netijesi boýunça birinji orny eýeledi.

Ýaryş tertibiniň ikinji topary “Deňizçi” hem bu tapgyrda ýeňiş gazandy. Ýakup Öwezowyň tälim berýän topary TNGIZT toparyny 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Migrasiýa” “Turan” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, iki aýlawyň jemi boýunça 27 utuk toplan “Senagatbank” topary ikinji aýlawyň ýeňijisi boldy. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Deňizçi” (21 utuk) bilen “Köpetdag” (19 utuk) toparlary ornaşdylar.

Naýbaşy futzal ligasynyň üçünji aýlawyna şu ýylyň sentýabr aýynda badalga berler.

Onunjy tapgyryň netijeleri:

“Turan” “Migrasiýa” 1:2

Gollar: 34 Sirožiddin Žumaniýazow (“Turan”) 6 Daýanç Garajaýew, 12 Ysmaýylmuhammet Öwekow (“Migrasiýa”)

Duýduryş: 36 Rasul Saparbaýew (“Turan”) 1 Täçmämmet Dynnyýew, 36 Çoluk Çolukow, 40 Gurbanguly Aşyrow (“Migrasiýa”)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

“Köpetdag” “Senagatbank” 6:2

Gollar: 6, 39 Sähetmyrat Atdaýew, 20 Gurbangeldi Sähedow, 28, 32, 40 Mülkaman Annagulyýew (“Köpetdag”) 21 Rahatmyrat Nepesow, 27 Nepesgeldi Ataýew (“Senagatbank”)

Duýduryşlar: 9 Gurbangeldi Sähedow, 27 Watan Ataýew (“Köpetdag”) 19 Berdiguly Meredow, 33 Röwşen Orazmuhammedow (“Senagatbank)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

“Deňizçi” TNGIZT 6:2

Gollar: 13 Mekan Şamyradow (öz derwezesine), 19 Kirill Çaryýew, 22 Abdylla Nursähedow, 28 Alişer Hudaýbergenow, 30 Gylyçmyrat Gylyçmyradow, 37 Süleýman Agöýliýew (“Deňizçi”) 20 Taňryberdi Amangeldiýew, 39 Çaryýar Gurbanniýazow (TNGIZT)

Duýduryşlar: 27 Dawutguly Dürliýew, 40 Kirill Çaryýew (“Deňizçi”)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

Ýaryş tablisasy:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda Senagatbank öňde barýar
CAFA Futsal Cup-2023-e Türkmenistandan kimler gatnaşýar?
Terror Hüjümine Synanşygyň Öňi Alyndy
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi
Russiýa: "Od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini berjaý etmäge dowam ederis" diýdi