Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi, horwatiýaly 53 ýaşly hünärmen Ante Mişe Kuweýtiň Al-Arabi toparyna tälim berip başlady. Bu barada toparyň resmi saýty arkaly habar berildi.
El-Kuwaýt şäherine wekilçilik edýän topar ýurduň Premýer ligasynda ýaryşýar. Topar 1953-nji ýylda esaslandyryldy. Al-Arabi ýerli duşuşyklaryny 26 müň orunlyk Sabah Al-Salem stadionynda geçirýär.
Häzirki wagtda Al-Arabi 18 utuk bilen ýaryş tertibiniň 6-njy basgançagynda barýar.
Ante Mişeniň we onuň kömekçisi Sandro Tomiçiň şertnamasynyň möhleti tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen hoşlaşandygyny ýatladýarys. Muňa Dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň saýlama duşuşyklarynyň pandemiýa sebäplli soňa süýşürilmegi hem sebäp boldy. Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz nobatdaky dünýä çempionatynyň yklymlaýyn saýlama duşuşyklarynda toparçada birinji orna çenli göterildi.