Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtingindäki ýerini öwrendi

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtingindäki ýerini öwrendi

Ýewropa çempionynyň we Amerikanyň kubogynyň tamamlanmagyndan soň FIFA futbol boýunça milli ýygyndylaryň reýting sanawyny täzeledi.

Amerikanyň kubogyna mynasyp bolan Argentinanyň ýygyndysy we fransuzlar birinji we ikinji orundaky ýerini gorap sakladylar. Ilkinji üçlügi Ýewro ― 2024-iň çempionlary ― ispanlar eýeledi. Kolumbiýanyň ýygyndysy bolsa ilkinji 10-luga girdi.

Täzelenen sanawda türkmen ýygyndysy ozalky ornunda ― 144-nji basgançakda galdy. Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ahyrky duşuşyklaryny iýun aýynda geçirendigini ýatladýarys. Türkmen futbolçylary Daşkentde Özbegistanyň ýygyndysyndan 1:3 hasabynda ýeňlip, Aşgabatda Gonkongyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnandygyny ýatladýarys.

FIFA-nyň 2024-nji ýylyň 18-nji iýulyndaky reýtingi aşakdaky ýaly:

1. (1) Argentina ― 1901,48;

2. (2) Fransiýa ― 1854,91;

3. (8) Ispaniýa ― 1835,67;

4. (5) Angliýa ― 1812,26;

5. (4) Braziliýa ― 1785,61;

20 (20) Eýran ― 1611,16;

61. (62) Özbegistan ― 1397,41;

102. (101) Gyrgyzystan ― 1213,58;

103. (102) Täjigistan ― 1212,41;

109. (109) Gazagystan ― 1193,62;

111. (111) Azerbaýjan ― 1179,88.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2023-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 141-nji basgançagynda tamamlady
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtingindäki ýerini bildi
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Sisiniň Ankara Sapary
Türki dilli döwletleriň futbol turniri döredilip bilner