Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Liwanyň ýygyndysyndan üstün çykdy

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Liwanyň ýygyndysyndan üstün çykdy

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Liwanyň ýygyndy toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. “H” toparçanyň çägindäki bu duşuşyk şu gün, 9-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Milli ýygyndymyzyň düzüminde Zafar Babajanow (59-njy minut), Güýçmyrat Annagulyýew (85-nji minut) hem-de Altymyrat Annadurdyýew (90+1) dagy tapawutlandy. Liwanyň gollaryny R.Ataýa (73-nji minut) bilen S.Saad (75-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Şeýlelikde, geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplan Türkmenistanyň ýygyndysy toparçada üçünji orny eýeledi.

Dört oýunda 10 utuk toplan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy “H” toparçada birinji orny eýeleýär. Bäş oýunda 10 utugy bolan Liwanyň ýygyndysy ikinji, alty oýunda 9 utugy bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary üçünji orunlary eýeleýärler. Geçiren duşuşyklarynda utuk toplap bilmedik Şri-Lankanyň ýygyndysy soňky orunda ornaşdy.

Ýeri gelende bellesek, “H” toparçanyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň jemi jemledi
Türkmenistan ― Bangladeş duşuşygynyň başlangyç düzümleri belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda çykyş etjek düzümi mälim boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylan futbolçylar
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi