Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrunda ýaryş geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrunda ýaryş geçiriler

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşýandygy sebäpli Ýokary liga berlen arakesmede futbol janköýerlerine ýene bir gyzykly futbol baýramçylygy garaşýar.

Has takygy, 6 ― 14-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky milli ýaryş geçiriler. Oňa Ýokary liganyň alty wekili ― Altyn asyr, Aşgabat, Şagadam, Energetik, Merw we Ahal futbol toparlary gatnaşar.

Bir aýlawdan ybarat boljak ýaryşyň duşuşyklary Aşgabat şäherindäki Aşgabat, Bagyr ýaşaýyş toplumynyň hem-de Sport toplumy (Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby) stadionlarynda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşynyň senenamasy

06.06.2023 ý. I tapgyr

08.06.2023 ý. II tapgyr

10.06.2023 ý. III tapgyr

12.06.2023 ý. IV tapgyr

14.06.2023 ý. V tapgyr

Ýene degişli makalalar

Söz ussady Pyragy - halkyň öçmez çyragy
Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Paýtagtyň Magtymguly köçesinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar
TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy 2024: bijeleriň netijeleri
TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler