Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi

2-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirilip, onda Köpetdag Nebitçi bilen Aşgabat bolsa Merw bilen güýç synanyşdylar.

Nisa stadionynda geçirilen duşuşykda Aşgabat topary möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Türkmen paýtagtynyň adybir topary garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. Köpetdag bilen Nebitçiniň arasyndaky duşuşykda hasap açylmady.

Häzirki wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soň Ahal, Şagadam hem-de Altyn asyr toparlary ýaryş tertibiniň öňdäki orunlaryny eýeleýärler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary 8-nji noýabrda geçiriler: Ahal — Şagadam, Energetik — Merw, Nebitçi — Aşgabat, Altyn asyr — Köpetdag bilen duşuşarlar.

3-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

Köpetdag — Nebitçi — 0:0

Duýduryşlar: 9 Ýazgylyç Gurbanow (Köpetdag) — 33 Serdar Annaorazow (Nebitçi)

Meýdandan çykarylan: 41 Serdar Annaorazow (Nebitçi)

Geçirilen ýeri: Aşgabat stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş), A.Jumamyradow (Aşgabat ş)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş)

Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş)

Aşgabat — Merw — 3:1

Gollar: 12 Döwran Hojamämmedow, 28 ŞatlykGurbanow, 90 Toýmämmet Sähetmämmedow (Aşgabat) — 9 (11 m.j.u.) Begenç Allamow (Merw)

Duýduryşlar: 7 Azady Annadurdyýew (Aşgabat) — 29 Amangeldi Saparow (Merw)

Meýdandan çykarylan: 31 Döwlet Mirsultanow (Merw)

Geçirilen ýeri: Nisa stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş), A.Gurbanow (Aşgabat ş)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş)

Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş)

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TFÇ ― 2024: 17-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TFÇ ― 2024: 15-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 13-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 4-nji tapgyrda Maryda birbada iki duşuşyk geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär
TÝL ― 2023: täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda Köpetdag Şagadamy ýeňdi