Türkmenistanyň futbol çempionaty Energetiksiz dowam eder

Türkmenistanyň futbol çempionaty Energetiksiz dowam eder

Mary şäheriniň Energetik futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň öňde duran aýlawlaryna we Kubok ýaryşyna gatnaşmaz. Bu Janköýer neşiriniň möwsümiň galan bölegi bilen bagly paýlaşan senenamasyndan soň mälim boldy. Indi ýurduň çempionlygy we Kubogy üçin göreşi sekiz topar dowam etdirer.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, milli çempionatyň üçünji aýlawyna 16-njy awgustda badalga berler. Şol gün Ahal paýtagtyň Aşgabat toparyny kabul eder. 17-nji awgustda bolsa tapgyryň Arkadag Şagadam we Nebitçi Köpetdag duşuşyklary geçiriler. Bu tapgyrdaky Altyn Asyr Merw duşuşygy 27-nji sentýabra geçirildi.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş, ozalky meýilleşdirilişi ýaly, deslapky tapgyrdan däl-de, çärýekfinal duşuşyklaryndan başlanar. Ýaryşa 20-nji awgustda badalga berler. Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk bolsa 29-njy sentýabrda Arkadag we Ahal toparlarynyň arasynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy
Türkmenistanda futzal boýunça täze ýaryş dörediler
Arkadag topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy üçin Ahal bilen oýnar
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Teýmur Çaryýew Abdyş-Ata bilen gyrgyz çempionatyndaky ilkinjiduşuşykda goragda sak durdy